Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi

00:1426.08.2022
0
22790

25-nji awgustda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde ýerleşýän UEFA-nyň ştab-kwartirasynda Ýewropa çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi. Bije çekilşigiň netijelerine görä, Germaniýanyň «Bawariýa», Ispaniýanyň «Barselona» we Italiýanyň «Inter» toparlary bir toparçadan ýer aldylar. Möwsümdäki iň dartgynly toparça hasaplanýan şol kwartetiň dördünji wekili Çehiýanyň «Wiktoriýa Plzen» topary boldy. Şeýle-de toparçalaýyn tapgyrda futbol muşdaklary «Milan»-«Çelsi», «PSŽ»-«Ýuwentus», «Mançester Siti»-«Borussiýa» (Dortmund) ýaly birnäçe gyzgalaňly oýunlara tomaşa edip bilerler. Aşakda ÝÇL-iň toparçalarynyň doly görnüşini siziň dykgatyňyza ýetirýäris:

«A» toparça: «Aýaks», «Liwerpul», «Napoli», «Reýnjers»;

«B» toparça: «Portu», «Atletiko», «Baýer», «Brýugge»;

«C» toparça: «Bawariýa», «Barselona», «Inter», «Wiktoriýa»;

«D» toparça: «Aýntraht», «Tottenhem», «Sporting», «Marsel»;

«E» toparça: «Milan», «Çelsi», «Zalsburg», «Dinamo» (Zagreb);

«F» toparça: «Real», «Leýpsig», «Şahtýor», «Seltik»;

«G» toparça: «Mançester Siti», «Sewilýa», «Borussiýa» (Dortmund), «Kopengagen»;

«H» toparça» «PSŽ», «Ýuwentus», «Benfika», «Makkabi».

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyry 6-7-nji sentýabr günleri badalga alar. Möwsümiň finaly bolsa 2023-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň