Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar

16:3025.08.2022
0
31977

Şu gün UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2022/23-nji ýyllaryň möwsümi üçin bije çekişligiň çäklerinde bu gurama tarapyndan «Möwsümiň iň gowy futbolçysy», «Iň gowy zenan futbolçy», «Erkek futbolyndaky iň gowy tälimçi» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler hem yglan ediler. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

«Iň gowy futbolçy» diýen ady almak ugrundaky esasy bäsdeşligiň Karim Benzemanyň («Real»), Kewin de Breýneniň («Mançester Siti») we Tibo Kurtuanyň («Real») arasynda boljakdygyny ýatladýarys. Bu ada 2021/22-nji ýyllaryň möwsümi boýunça hem mynasyp bolan Benzema derejäni «Reala» 14-nji gezek getiren futbolçy bolupdy. De Breýne bolsa gysga sanawa üçünji gezek girýär. Ýöne Belgiýaly futbolçynyň «Mançester Sitiniň» çempionlygyndan soň Angliýada ýylyň futbolçysy saýlanylandygyny ýatladýarys.

Kurtua şu ýyl «Çempionlar ligasynyň finalynyň iň gowy oýunçysy» diýen ada-da mynasyp bolupdy. Aýgytlaýjy duşuşykda «Realyň» «Liwerpuly» ýeňip, kuboga mynasyp bolmagynda onuň uly paýy bar.

Ses berlişige UEFA-nyň Çempionlar, Ýewropa we Konferensiýalar ligalarynyň geçen möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşan klublaryň tälimçileri, Ýewropanyň sport neşirleriniň assosiasiýasy tarapyndan akreditirlenen sport žurnalistleri gatnaşyp bilýär.

Ýylyň iň gowy tälimçisi diýen at üçin «Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelottiniň, «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiolanyň hem-de «Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Kloppyň bäsleşýändigini ýatladýarys.

«Çelsiniň» ýarym goragçysy Jorjinýo geçen ýyl Ýewropada iň gowy futbolçy saýlanylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň