Soňky habarlar

Arhiw

A.S.Puşkin adyndaky teatr täze möwsüme «Gyzyl şyrdajyk» bilen girişýär

12:2625.08.2022
0
28668

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry täze möwsüme 26-njy awgustda girişer. Bu barada teatryň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda habar berildi.

Täze möwsüm režissýor we dramaturg Sergeý Astrahansewiň «Gyzyl şyrdajyk» («Красная шапочка») atly sahna eseri bilen açylar.

Eserde meşhur fransuz ýazyjysy Şarl Perronyň meşhur ertekisi häzirki zaman görnüşe getirilipdir. Görkeziliş gündiz sagat 12-de başlanar. Petekleri teatryň kassasyndan satyn alyp bolar. Teatr Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 142-nji jaýynda ýerleşýär.

Awgust aýynda görkeziljek sahna eserleri:

  • 26. 12:00 – «Gyzyl şyrdajyk»;
  • 26. 19:00 – ILKINJI GEZEK «Uýalar»;
  • 27. 12:00 – «Maşa we aýy»;
  • 27. 19:00 – «Wes Şkyspir»;
  • 28. 11:00 и 13:00 – «Alladin we jadyly çyra»;
  • 28. 19:00 – «Aňrybaş erkek».

Sentýabr aýynda görkeziljek sahna eserleri:

  • 2. 19:00 – «Ýalňyş giýew»;
  • 3. 12:00 – «Üç jojuk we çal möjek»;
  • 3. 19:00 – «Ene ýüregi»;
  • 4. 11:00 и 13:00 – «Ädikli pişik»;
  • 4. 19:00 – «Mukaddes we günäli»;
  • 9. 19:00 – «Ýürege barýan ýol»;
  • 10. 12:00 – «Lukman Aýbolit»;
  • 10. 19:00 – «Hile we söýgi»;
  • 11. 11:00 и 13:00 – «Supertowşan»;
  • 11. 19:00 – «Ugurtapyjy aşyklar».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň