Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatly pensionerler howlusynda limon ýetişdirýärler

11:3325.08.2022
0
28531

Balkanabatly pensionerler Aleksandr we Wera Podolskiler şahsy howlusynda limon bagyny ýetişdirýärler. Olar pensiýa çykansoň, howlusynda dynç almak we zähmet bilen meşgullanmak üçin limon ýetişdirmegi ýüregine düwüp, bu babatda ýeterlik tejribe topladylar.

Pensioner är-aýal irdenden agşama çenli howlusynda limonlara ideg edýärler, dökünleýärler, düýbüni ýumşadýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, olar limon hasylyny goňşularyna, garyndaşlaryna hem paýlap berýärler. Olaryň indiki maksady bolsa sogandyr ukrop, petruşka ösdürip ýetişdirmek. Şeýle hem olaryň geljekde sitrus miwelerini ýetişdirmek niýeti bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň