Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

21:5822.08.2022
0
23573

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde, Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatlarynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň