Turkmenportal logo
22.08.22
2222222222
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekilleri Altaýdaky halkara tejribelige gatnaşdylar
Türkmen wekilleri Altaýdaky halkara tejribelige gatnaşdylar

«Elaltay.ru»-nyň ýazmagyna görä, Altaý Respublikasynda Russiýanyň geografiki jemgyýeti tarapyndan halkara tejribelik geçirilýär.


Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Mongoliýadan, Gazagystandan, Indoneziýadan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan wekiller geldi. Tejribelik Gorno-Altaý döwlet uniwersitetinde geçirilýär.


Maksatnama gatnaşyjylar sebitleýin bilim ministrliginiň, Halklaryň dostluk öýüniň, Altaý biosfera goraghanasynyň wekilleri, Gorno-Altaý döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, Respublikanyň ýolbeletler we mugallymlar birleşigi bilen duşuşdy.


Duşuşykda ýaşyl ykdysadyýet, ýörite goralýan ýerleri goramak, medeni we taryhy ýadygärlikler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Halkara tejribelik işine gatnaşyjylar Gorno-Altaý botanika bagyna, Çemalskiý, Maýminskiý we Turoçakskiý etraplaryndaky ýörite goralýan ýerlere baryp gördüler.