TÝL ― 2022: «Aşgabat» möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy

21:0321.08.2022
0
15439

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Aşgabat» «Nebitçini» 3:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, paýtagtyň adybir topary möwsümde ilkinji ýeňşini gazandy. Mundan öň «Aşgabat» dört duşuşykda ýeňlipdi.

Bu duşuşyklardan soň toparlaryň ikisinde-de 3 utuk bar.

Tapgyrda «Şagadam» bilen «Energetigiň» hem 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnandygyny ýatladýarys.

«Aşgabat» indiki tapgyryň çäginde 26-njy awgustda «Altyn asyr» bilen duşuşar. 27-nji awgustda bolsa «Nebitçi» myhmançylykda «Energetik» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň