Top.Mail.Ru

Arhiw

Arap derman kärhanasy türkmen bazaryna girmegi meýilleşdirýär

19:5521.08.2022
0
15940

Saud Arabystany Patyşalygynyň derman öndürýän «Jamjoom Pharma» kärhanasy Türkmenistan bilen derman önümçiliginde hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär. «Arab News» habarlar gullugynyň habaryna görä, arap derman kärhanasy bu pikirini Jidde şäherinde Özbegistan Respublikasy bilen 53 million dollarlyk maýa goýum şertnamasyna gol çekişmek dabarasynda mälim etdi.

«Jamjoom Pharma» kärhanasynyň başlygynyň orunbasary Mahmud Jamjumyň bellemegine görä, derman kärhanasy häzirki wagtda dünýäniň 30-dan gowrak ýurdy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Kärhana mümkinçiliginiň ýokarydygy sebäpli, Merkezi Aziýa sebiti, hususan-da, Özbegistan, Owganystan, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýär. Şeýle-de kompaniýa Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýerli önümçiligi ýola goýmak işine-de gyzyklanma bildirýär.

«Jamjoom Pharma» kärhanasy 2000-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda öz ýurdunyň iň gowy 5 derman kärhanasynyň biridir. Bu kompaniýa Ýakyn Gündogar, Afrika we GDA ýurtlaryny öz içine alýan sebitlerde iň çalt ösýän kompaniýalaryň hem biridir.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanda «Türkmendermansenagat» birleşiginiň düzümine girýän «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» türkmen-hindi bilelikdäki kärhanasy hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň