«Aýs» Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli görnüşli gazlandyrylan içgileri we agyz suwlaryny hödürleýär

10:3520.08.2022
0
32530

«Aýs» haryt nyşany bilen dürli tagamly gazlandyrylan içgileriň we agyz suwlarynyň 20-den gowrak görnüşi tutuş Türkmenistan boýunça dükanlaryň tekjelerinde alyjylara hödürlenýär.

Haryt nyşanynyň bu önümleri köpdürlüligi bilen tapawutlanýarlar we ähli welaýatlarda alyjylara bir ädim uzaklykda ýerleşýärler. Kola, fanta, limonad, tarhun, zirk, üzüm we beýleki görnüşli içgileriň hataryndan hemmeler özi üçin gerek tagamy saýlap alyp bilerler.

Şeýle hem «Aýs» haryt nyşany bilen minerallaşdyrylan hem-de tebigy limon, ýertudana we narpyz tagamly gazsyz agyz suwlary öndürilýär.

«Aýs» haryt nyşanly suwsuzlygyňy gandyryjy içgileriň önümçilik merkezi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindaki 3-nji önümçilik bazasynyň çäginde ýerleşýär.

Kärhananyň 0,5 we 0,330 litr göwrümli içgili plastik çüýşeleriň sagatda 9,5 müň sanysyny (günde 152 müň sany) öndürmäge mümkinçiligi bardyr. Zawodda 1,5 litr göwrümli plastik gaply içgileriň bolsa sagatda 2,5 müňüsi (günde 40 müň sany) öndürilýär.

Türkmenistanyň bazarlarynda ilkinji gezek 2020-nji ýylyň başynda tanyşdyrylan «Aýs» haryt nyşanly önümler birnäçe gezek dürli sergilere gatnaşdy we hormat hatlarynadyr diplomlara mynasyp boldy.

Habarlaşmak üçin:

  • Email: ays-tm@mail.ru;
  • Telefon: (+993 65) 01 72 43.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň