Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Günbatarynda goňşy Gazagystan döwleti bilen ulag gatnaw ugruny döretjek täze ýola — Garabogaz aýlagyndan geçýän awtomobil ýol köprüsiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüşi boýunça ministrligi bu ýoluň Gazagystanyň çägindäki uzaklygynyň 156 kilometre deň boljakdygyny habar berýär.
«Bu gatnaw ugry respublikanyň çäginde Žetybaý — Žanaozen — Fetisowo — Türkmenistanyň serhedi ugry boýunça geçýär» diýip, Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüşi boýunça ministrligine salgylanyp, Ism.kz saýty beýan edýär.
Gazagystanyň degişli edarasynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, eýýäm ýoluň käbir ýerleri taýýarlanyldy. Mundan başga-da, ýoluň ýene-de 156 kilometr bölegini abatlamak zerur bolup, onuň bahasy 78 milliard tenge (160 million ABŞ dollary töweregi) barabardyr.
Gazagystanyň çäginden geçýän awtoulag ýolunyň gurluşygynyň esasy taslamalaryň tamamlanmagy bilen başlanýandygy bellenilýär.