Turkmenportal logo
18.08.22
1863218632
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeniň jaýlanyş çäresine gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeniň jaýlanyş çäresine gatnaşarSurat: TDH

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat ýollady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatda, hususan-da, şeýle sözler bar:


— Siziň Alyhezreti­ňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigi­ňiz hem-de medet beriji sözleri­ňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezreti­ňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi. Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soň­ky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň erk-islegine eýerip, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigime Siziň Alyhezreti­ňizi ynandyrasym gelýär.


Ozal habar berşimiz ýaly, iýul aýynda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi.


— Ajaýyp adam, beýik syýasatçy we döwrümiziň görnükli döwlet işgäri bolan Sindzo Abeniň nurana keşbi biziň hem ýüreklerimizde ebedilik galar. Sindzo Abeniň — adaty bolmadyk, täsin we beýik şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasynda belledi.



Şeýle-de okaň: