Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi

23:0511.07.2022
0
14565
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Ajaýyp adam, beýik syýasatçy we döwrümiziň görnükli döwlet işgäri bolan Sindzo Abeniň nurana keşbi biziň hem ýüreklerimizde ebedilik galar. Sindzo Abeniň — adaty bolmadyk, täsin we beýik şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasynda belledi.

Sadakada Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine hormat hökmünde ör turlup, bir minut dymyşlyk edildi. Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykyp, berilýän gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Gurbanlyk sadakasyndan soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanjyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň maşgalasyna öz adyndan we maşgalasynyň adyndan çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Ýapon ilçisi öz ýurdunyň merhum bolan ozalky Hökümet Baştutanyny hatyralap, gurbanlyk sadakasynyň berlendigi we onuň hatyrasynyň belent tutulandygy üçin öz adyndan hem-de ähli ýapon halkynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň