Moskwanyň metrosynda suw paýlanýar

12:4716.08.2022
0
1715
Moskwanyň metrosynda suw paýlanýar
Surat: mir24.tv

Russiýanyň paýtagtynyň metrosynyň sekiz duralgasynda we «Orehowo» awtomenzilinde yssy howa sebäpli içimli suwly çüýşeler mugt paýlanyp başlandy diýip, Moskwanyň ulag edarasynyň Telegram-ýaýlymynda habar berildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Habarda hünärmenler tarapyndan metro duralgalarynda howanyň derejesiniň yzarlanýandygy bellenýär, eger zerurlyk dörese, mugt suw paýlanýan ýerleriň sany artdyrylar.

Öň ýurduň Howa maglumaty gullugynyň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand öňdäki üç günde Russiýanyň günorta sebitleriniň üçüsinde howanyň derejesiniň 40-43 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar beripdi, onuň aýtmagyna görä, şeýle görkezijiler Müsüriň howa ýagdaýyna laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň