Uelsde gark bolan oba ýene suwuň astyndan göründi

12:3216.08.2022
0
1852
Uelsde gark bolan oba ýene suwuň astyndan göründi
Surat: standard.co.uk

Beýik Britaniýadaky guraklyk mundan 100 ýyldanam gowrak wagt öň gark bolan obanyň ýene suwuň ýüzüne çykmagyna getirdi. Llanwiddin obasy ýaşaýjylar tarapyndan 1880-nji ýylda ýerleşýän ýerinde Wirnui sus howdanyny gurmak kararyna gelnende terk edilipdi diýip, «The Mirror» neşiri habar berýär diýip, «MIR24» ýazdy.

Suw howdany Snoudoniýa milli seýilgähiniň golaýynda ýerleşýär, howdan şu ýyl 90 göterim doldurylmalydy, emma gurak howa sebäpli suwuň derejesi mese-mälim peseldi. Häzir ol 60 göterim suw bilen dolduryldy, netijede, bu ýerde birwagt jülgäni kesip geçen gadymy köpriniň galyndylary, daş diwarlardyr binalaryň tekinleri görünýär. Suwuň astyndan köne oba eltýän ýol bölekleýin peýda boldy.

Howdan gurmak taslamasy bilen bagly obalylar bu künjegi terk etmäge mejbur bolupdylar, olar üçin golaý ýerde täze oba gurdular.

Öň Tibr derýasynyň guramagy sebäpli suwuň astyndan Neronyň köprüsi göründi, ol Marsowo meýdany bilen Watikany birleşdirýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň