Soňky habarlar

Arhiw

V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Toýçyýew bir kümüş, iki bürünç medal gazandy

00:0716.08.2022
0
4626

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Hojamuhammet Toýçyýew Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bir kümüş, iki bürünç medala mynasyp boldy. Ol agyr atletika boýunça 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, itekläp götermekde 184 kilogramy galdyryp kümüş medala, silterläp götermekde 225 kilogramy galdyryp bürünç medala, şeýle-de iki görnüşiň jemi boýunça 409 kilogram bilen uly bürünç medala eýe çykdy. Toýçyýewiň çykyş eden agram derejesinde özbegistanly Akbar Juraýew itekläp götermekde 200 kilogram, silterläp götermekde 246 kilogram, umumylykda 446 kilogram netije bilen üç altyn medaly hem eýelemegi başardy. Itekläp götermekde 181 kilogramlyk, silterläp götermekde 230 kilogramlyk daşy galdyran, iki görnüşiň jemi boýunça 411 kilogram netije görkezen eýranly Alireza Ýusufi uly kümüş medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň