Soňky habarlar

Arhiw

Awazada halkara ulag forumy öz işine başlady

10:5815.08.2022
0
6586
Awazada halkara ulag forumy öz işine başlady
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün «Awaza» kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady. Forum «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugy esasynda geçirilýär.

Foruma gatnaşyjylar, ilki bilen, «Awaza» kongresler merkezinde guralan elektron görnüşli ulag sergisine aýlanyp gördüler.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutny öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürlen teklipleriň, kabul edilen Kararnamalaryň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi we Türkmenistanyň bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýollan ýüzlenmesini diňlediler.

Ozal habar berşimiz ýaly, maslahata dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdançanyň başyna jemlendiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň