Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty bir gün ir başlanar

11:1012.08.2022
0
5732
Dünýä çempionaty bir gün ir başlanar
Surat: as.com

FIFA Dünýä çempionatynyň açylyş oýnunyň wagtyny 21-nji noýabrdan 20-nji noýabra süýşürmek barada karar kabul etdi. Bu üýtgeşme ýer eýesi Kataryň milli ýygyndysynyň açylyş oýnunda meýdança çykmagy üçin edildi.

Şeýlelikde, DÇ-2022-niň deslapky oýny 20-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar. Onda Kataryň we Ekwadoryň milli ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

«A» toparçadan orun alan Senegalyň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk bolsa 21-nji noýabrda sagat 15:00-dan 21:00-a süýşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň