Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyna haçan gatnaşjakdygy belli boldy

12:2408.08.2022
0
6716

Türkmenistanly futbol hünärmeni Gurban Berdiýew «Traktoryň» baş tälimçisi hökmünde ilkinji resmi duşuşygyny 13-nji awgustda geçirer. Şol gün Eýranyň futbol çempionatynda 2022/23-nji ýyllaryň möwsümine badalga berler.

«Traktor» täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny Sirjanyň «Gol Gohar» topary bilen myhmançylykda geçirer. Gurban Berdiýewiň topary häzirki wagtda täze möwsüme Töwriz şäherinde taýýarlyk görýär.

«Traktor» Eýranyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Pro-ligada ýaryşýar. Bu ligada çempionlyk üçin göreşe her ýyl 16 topar goşulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň