Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalarynyň» kuraş ýaryşlarynda ýedi medal gazandylar

02:3108.08.2022
0
7369

Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlarynyň kuraş boýunça ýaryşlarynda ýedi medala mynasyp boldular.

Bu ýaryşlara Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmen türgenleri ýaryşy iki kümüş we bäş bürünç medal bilen tamamladylar.

Kümüş medallary Sanjar Böriýew (oglanlar, 42 kilogram) we Zinat Koçmatowa (gyzlar, 44 kilogram) eýeledi

Türkmen toparynyň bürünç medallaryny bolsa Dinyslam Mahmaşaripow (50 kilogram), Seýitnazar Hudaýberdiýew (60 kilogram), Narmyrat Myradow (71 kilogram), Daýanç Garaýew (83 kilogram) we Nurana Hezretowa (63 kilogram) dagylar gazandy.

Şeýlelikde, türkmenistanly türgenler Oýunlardaky medallarynyň sanyny 16-a çykardylar. Olar Oýunlaryň medal sanawynda 10-njy orny eýeleýärler.

«Aziýanyň çagalary» 8-nji awgustda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň