Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi duşuşyk ýeňijisiz tamamlandy

23:4707.08.2022
0
3773

Şu gün geçirilen «Altyn Asyr»-«Ahal» duşuşygy bilen Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Tapgyryň merkezi oýny hasaplanylýan şu günki gapma-garşylykda ýeňiji mälim bolmady. Oýunda ilki aragatnaşykçylar Myrat Annaýewiň 58-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan bolsalar, «Ahal» bu gola Resul Hojaýewiň 83-nji minutdaky netijeli urgusy bilen jogap gaýtardy. Şeýlelikde, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde gutardy.

Birinji tapgyrdan soňra «Şagadam» hem-de «Merw» toparlary 6 utuk bilen turnir tablisasynyň başyny çekýärler. Hersi 4 utukdan toplan «Ahal» we «Altyn Asyr» toparlary 3-4-nji ýerleri paýlaşýarlar. Bäşinji ýerdäki «Köpetdagyň» hasabynda üç utuk bar. «Aşgabat», «Energetik» we «Nebitçi» toparlary bolsa heniz utuk gazanyp bilmediler.
Ýokary liganyň üçünji tapgyry 11-12-nji awgust senelerinde geçiriler. Üçünji tapgyryň çäklerinde «Köpetdag» «Nebitçini», «Ahal» bolsa «Energetigi» kabul eder. Şeýle-de tapgyrda «Altyn Asyr» «Şagadamyň», «Aşgabat» bolsa «Merwiň» myhmany bolar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň