Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 30 geleşik hasaba alyndy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliýni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň täjirleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy.