Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan plastik kartlaryň önümçiligini ýola goýar

10:0708.08.2022
0
1610

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda iki gün dowam eden «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2022» atly halkara serginiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi.

Onuň dowamynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti-de 2022-nji ýylda öz öňünde goýan meýilnamasyny doly berjaý etmek maksady bilen, öndürýän önümlerine gerekli bolan çig mal şaý-sepleri we 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen söwda bäsleşikleri esasynda, döwlete dahylly býudjet edara-kärhanalary üçin geçirilmeli önümleri satyn almak maksadynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birnäçesi bilen jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryna golaý bolan şertnamalary baglaşdy. Olaryň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, Hytaýyň, Russiýanyň önümçilik kärhanalary hem bar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, şeýle Ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen, ýurduň bankara ulgamynda «Soft» programma üpjünçiligini elektron resminamalar dolanyşygyna ornaşdyrmak babatynda hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda, raýatyň şahsyýetini anyklaýjy elektron ID kartlaryň, nagt däl hasaplaşyk üçin niýetlenen plastik bank kartlarynyň we dürli ölçegdäki köp sanly plastik kartlaryň önümçiligini Türkmenistanyň çäginde ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň