Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Konýa şäherine bardy

16:3406.08.2022
0
14240
Türkmenistanyň wekiliýeti Konýa şäherine bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna bardy. Oýunlar 9 ― 18-nji awgut aralygynda Konýa şäherinde geçiriler.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna takmynan 54 döwletden 3 500 töweregi türgeniň gatnaşmagy garaşylýar.

Türgenler sportuň 23 görnüşi boýunça, ýagny ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, boççe, futbol, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (sport, çeperçilik, aerobik), gandbol, dzýudo, karate, kikboksing, sport atyşyk, suwda ýüzmek, stol tenisi, taekwondo, woleýbol, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler. Şeýle hem, bu oýunlarda sportuň para görnüşlerinden ýeňil atletika, stol tenisi, suwda ýüzmek we ýaý atmak boýunça ýaryşlar gurnalar. Tanyşdyryş sport hökmünde milli ýaýdan ok atmak görnüşinden hem ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bu Oýunlaryň ýeňil atletika, ýaý atmak, basketbol 3x3, welosport (trek, şosse), gylyçlaşmak, gimnastika (çeperçilik), dzýudo, karate, kikboksing, suwda ýüzmek, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim) we adaty ýaýdan ok atmak ýaryşlaryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň