Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda rus kinofilmleriniň ilkinji onlaýn festiwaly geçiriler

14:5306.08.2022
0
8746

VOD IVI onlaýn platformasy arkaly Türkmenistanda ilkinji gezek rus kinosynyň festiwaly geçiriler. Iki hepdäniň dowamynda, has takygy, 8 ― 28-nji awgust aralygynda türkmenistanly konisöýüjilere doly göwrümli filmleriň ikisi we köp bölümli multfilmler görkeziler.

Rus dilindäki filmler türkmen tomaşaçylaryna türkmen dilindäki ýazgyly tejrime bilen hödürleniler. Ilkinji onlaýn festiwalyň rus kinosynyň gahrymanlary bilen täze duşuşyklary bagyşlajakdygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Bu festiwal «Roskinonyň» ýurduň Medeniýet ministrligi bilen 2020-nji ýylda başyny başlan taslamasyna laýyklykda geçirilýär. Şu ýyl taslamanyň çäklerinde 20-den gowrak döwletde rus kinofilmleriniň onlaýn görkeezilişi guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň