Arhiw

«Berk menzil gurluşyk» kärhanasy agrosenagat toplumyna zerur bolan önümleri öndürýär

17:1203.08.2022
0
11179

«Berk menzil gurluşyk» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda polimer turbalaryny öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

16mm-den 1200 mm-e çenli aralykdaky ölçeglerde turba önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýän zawod Germaniýanyň, Hytaýyň we Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly öndürijileriniň maddy-tehniki enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu ýerdäki ähli önümçilik işleriniň ýokary derejede awtomatlaşdyrylmagy we kompýuterleşdirilmegi ýokary hil standartlaryna kybap gelýän polietilen turbalaryny öndürmäge ýardam berýär. Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýerine ýetirilýän hil dolandyryş ulgamy alnan çig mallara gözegçilik etmegi, önümçiligiň aýratynlyklaryna we taýýar önümleriň häsiýetnamalaryna baha bermegi üpjün edýär. Zawodda TDS 1859-2001 döwlet standartynyň talaplaryna laýyk gelýän hil dolandyryş ulgamy ornaşdyryldy we tassyklanyldy.

«Berk menzil gurluşygyň» önümleri, esasan, himiki durnuklylygy, birikmeleriniň ygtybarlylygy, ulanyş möhletiniň bütin dowamynda önümiň berk bolmagy, gurnamagyň ýeňilligi, dinamik we statik agramlara durnuklylygy, şeýle-de haryt görnüşleriniň köplügi bilen tapawutlanýar.

Önümleriň hatarynda damjalaýyn suwaryşda giňden peýdalanylýan, dripper gurnamalary üpjün edilen 16-20 millimetr ölçegli turbalar hem bar. Zawodda bir gije-gündiziň dowamynda bu hili turbalardan 60 kilometr töweregi öndürilýär.

Mälim bolşy ýaly, damjalaýyn suwaryşda beýleki usullar bilen deňeşdirilende suwuň harajaty 20%-den 80%-e çenli tygşytlanýar, bu suwaryşyň suw geçirijiligi bolsa sagatda takmynan 2 litre ýetýär.

Türkmen agrosenagat toplumynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen damjalaýyn suwaryş usuly uly ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa «Berk menzil gurluşygyň» önümlerine bolan islegi ýokarlandyrýar.

Turba önümçiliginden başga-da, hojalyk jemgyýeti gök önümleri we miweleri saklamak hem-de daşamak üçin niýetlenen plastik gaplary öndürip başlady. Bu önümçiligiň kuwwaty bolsa gije-gündiziň dowamynda 20 müň gaba deň bolup, onuň çig maly hökmünde Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden peýdalanylýar.

Habarlaşmak üçin: (+993 12) 22 74 93.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň