Soňky habarlar

Arhiw

Sabina Kasymjanowa «Aziýanyň çagalarynda» bürünç medala mynasyp boldy

00:5703.08.2022
0
10872

Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlarynda 1500 metr aralyga ylgamakda pellehana üçünji bolup geldi.

Ýaryşda birinji orny özbegistanly Maftun Ahmedowa eýeledi. Ol bellenen aralygy 4 minut 36,80 sekuntda geçdi. Maftunyň kümüş medala mynasyp bolan watandaşy Dilnoza Ahmedowa bu aralygy 4 minut 48,91 sekuntda geçdi. 1500 metr aralyk üçin türkmenistanly türgeniň görkezen wagty 4 minut 57,41 sekunda deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň