UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

17:2702.08.2022
0
9482

UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Bijä laýyklykda, toparlary belli bolan ýeke-täk duşuşykda «Trabzonspor» bilen «Kopengagen» duşuşar. Galan 5 duşuşygyň klublary-da 3-nji saýlama tapgyryň oýunlaryndan soň belli bolar.

3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary şu gün we ertir oýnalar. Jogap duşuşyklary-da 9-njy awgustda geçiriler. Pleý-off tapgyrynyň oýunlary bolsa 16-17-nji awgustda, şeýle-de jogap oýunlary 23-24-nji awgustdan oýnalar.

Pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan 6 klub toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanar. Toparçalaryň bijeleri 25-nji awgustda çekiler.

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri (16-17-nji, 23-24-nji awgust):

  • «Garabag»/«Ferenswaroş» — «Şerif»/«Wiktoriýa Plzen»;

  • «Bodo-Glimt»/«Žalgiris» — «Ludogores»/«Dinamo Zagreb»;

  • «Makkabi Haýfa»/«Apollon» — «Srwena Zwezda»/«Pýunik»;

  • «Trabzonspor» — «Kopengagen»;

  • «Dinamo Kiýew»/«Şturm Gras» — «Benfika»/«Midtýulland»;

  • «Union Sent-Žillua»/«Reýnjers» — «Monako»/«PSW Eýndhowen».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň