Soňky habarlar

Arhiw

Allanazarow bilen Jumanow «Aziýanyň çagalarynyň» stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşynda kümüş medal gazandylar

10:0801.08.2022
0
9793

Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde dowam edýän «Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda stol tennisinden jübütleýin ýaryşda çykyş eden Ylýas Allanazarow hem-de Alibek Jumanow bäsleşigiň kümüş medalyny gazandylar.

Bu ýaryşa jemi 10 topar — türkmenistanly, moskwaly, urally, sahaly, ermenistanly, özbegistanly, tatarystanly, sibirli ýaşlar hem-de Russiýanyň Uzak Gündogar Federal okrugynyň toparynyň, «Deňizýaka-2» ýygyndysynyň ýetginjeklerinden düzülen tennisçiler gatnaşdy.

Ylýas Allanazarow paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebinde, Alibek Jumanow Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde okaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň