Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan grek-rim göreşi boýunça «Aziýanyň çagalarynda» bürünç medal gazandy

09:5101.08.2022
0
6566

«Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň topary ilkinji bürünç medalyny gazandy. Bu medaly grek-rim göreşi boýunça Aly Sytdyýew gazandy. Ol 62 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Bu agramda altyn medaly russiýaly Ýegor Kalaşnikow, kümüş medaly bolsa özbegistanly türgen Nurmuhammet Rozikow eýeledi. Bürünç medallaryň ikinjisini russiýaly Irakli Çhapeliýa gazandy.

Oýunlaryň 8-nji awgusta çenli dowam etjekdigini ýatladýarys. Oňa 13 döwletden 13 ― 16 ýaş aralygyndaky ýetginjekler gatnaşýar. Oýunlarda sportuň 19 görnüşi boýunça medallaryň 273 toplumy gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň