Meýilnamadan artyk öndürilen bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrarlar

23:4829.07.2022
0
5960

29-njy iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Kararyň, «Meýilnamadan artyk öndürilen 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmak hakyndaky» Kararyň, suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny hödürledi. Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, olardan gelip çykýan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak we azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen gol çeken degişli Karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 943-nji, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda çykaran 1435-nji, 2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 2004-nji Kararlaryna laýyklykda möçberleri tassyklanan oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar döwlet tabşyrygy esasynda 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrmaga borçly edildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý hasylyny tabşyrýan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar bilen bellenen tertipde bugdaýyň bahasy boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň