Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

14:4230.07.2022
0
14796

Ýakyn geljekde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler. Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna bu barada teklip bilen ýüzlendi.

«Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanuna laýyklykda, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de onuň wezipeleri Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Onuň esasy wezipeleri bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny amala aşyrmakdan, Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny ýerine ýetirmekden, merkezleriň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly gollarynyň açyk açarlarynyň sertifikatlarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmekden, şahsyýeti anyklaýyş ID kart ulgamyny döretmek bilen bagly işlere gatnaşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanlylaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini belledi. Döwlet Baştutany sanly ulgamlar babatda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin kuwwaty artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň