Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň serhet, migrasiýa we gümrük gullugyny utgaşdyrmak boýunça ýygnak geçirildi

15:4329.07.2022
0
5288

26 — 28-nji iýul aralygynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça milli okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda döwlet serhedindäki barlag nokatlarynda serhet we gümrük gözegçiligini optimizirlemegiň usullaryna seredildi.

Okuw maslahatyna gatnaşýan serhet, migrasiýa we gümrük gullugynyň we serhet nokatlarynyň merkezi bölümleriniň jogapkär işgärleri Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan dürli modeller we iş utgaşdyryş görnüşleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, ulaglar, ýükler we harytlar döwlet serhedinden geçirilende iň amatly gözegçilik usullaryny ulanmak boýunça maslahatlar berildi. Latwiýanyň serhet we gümrük gullugynyň meýilnamalaşdyryş amallaryny meýilleşdiriş boýunça hünärmenleri ýol gözegçilik nokatlarynda geçelgeleri guramak üçin tehnologiki shemalary we gözleg işleri wagtynda mümkinçiligi ýokarlandyrmak babatda birnäçe täsirli meýilnamalaryny teklip etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň