Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda ýük daşamaga daşary ýurt rugsadyny almak üçin arzalar kabul edilip başlandy

23:5428.07.2022
0
15328

"Türkmenawtoulaglary" agentligi 2023-nji ýylda awtoulag serişdelerinde haryt daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalaryndan arzalary kabul edip başlady.

Agentlik umumy sanawlary işläp taýýarlar we türkmen ýük gatnadyjylaryna daşary ýurtlaryň çäginde hereket etmäge mümkinçilik berilmegi üçin daşary ýurtlaryň degişli edaralaryna iberer.

Arzalar 2022-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Giňişleýin maglumat üçin 39-03-34, 39-03-35, 39-03-36 belgilere jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň