Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti «Aziýanyň çagalarynyň» açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:5228.07.2022
0
9805
Türkmenistanyň wekiliýeti «Aziýanyň çagalarynyň» açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara şäherdäki «Fetisow Arena» medeni-sport toplumynda boldy.

Dabara ähli wekiliýetleriň türgenleri, tälimçileri, meýletinçileri we sport wekilleri gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýa 12 döwletden 1300-den gowrak türgen ýygnandy.

Türkmen toparynyň baýdagyny stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgen Ylýas Allanazarow göterdi. Dabarada gatnaşýan çagalardyr ýetginjekler üçin konsert boldy, soňra feýerwerkler atyldy.

Oýunlar 8-nji awgusta çenli dowam eder. Türkmen türgenleri olara sportuň 9 görnüşi boýunça gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň