Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň çagalar üçin robototehnika okuw merkezi «ImdatBot» tomusky okuw sapaklary üçin çagalary kabul etmegini dowam edýär

19:4928.07.2022
0
13190

Çagalar üçin robototehnika okuw merkezi «ImdatBot» Aşgabat şäheriniň ýaş ýaşaýjylaryny tomusky dynç alyş merkeziniň çäklerinde iki hepdelik robototehnika boýunça tomusky okuw sapaklaryna çagyrýar.

Sapaklar 27-nji iýuldan 9-njy awgusta çenli we 10-23-nji awgust aralygynda, hepdede alty gün dowam eder. Bu döwürde çagalar diňe bir robototehnika we programmirlemegiň esaslary barada bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, ýaryşlara gatnaşarlar, bilim beriş häsiýetli filmlere we wideolara tomaşa ederler. Şeýle hem sapaklaryň arasynda gysga nahar arakesmeleri göz öňünde tutulandyr.

Sapaklarda çagalar tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik, sungat we matematika boýunça bilim alyp bilerler. Ähli synplar tutuşlygyna häzirki zaman kompýuterler we robotlar bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de 3D-printer hem ornaşdyrylan. Toparlarda çagalaryň sany 10 adamdan köp däl, şonuň üçin hem mugallym her bir okuwça aýratynlykda çemeleşip bilýär.

Iki hepde üçin okuw sapaklarynyň bahasy 1200 manat. Mundan başga-da, «ImdatBot» okuwçylaryň dostlary we garyndaşlary üçin arzanladyş hem-de aksiýa ulgamyny hödürleýär.

Ýazylmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 90 00 69, merkeziň salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow şaýoly (A. Çehow), 147-nji jaý («Merdana» binasy).

• Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Çagalar we ýetginjekler üçin Aşgabatdaky tomusky okuw merkezleri barada gözükdiriji

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň