Türkmen tennisçisi ýetginjekleriň arasynda Kannda geçirilen halkara ýaryşda üçünji orny eýeledi

22:3524.07.2022
0
15443

Türkmenistanly Isgender Ýagmyrow Kannyň (Fransiýa) Patrik Muratogly tennis akademiýasynda geçirilen halkara tennis ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy. Bu barada «Türkmenportala» Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan habar berildi.

Bu ýaryş abraýly akademiýanyň 14 — 16 ýaşly ýetginjekleriniň we okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Isgender Ýagmyrow sport ussady we Türkmenistan milli ýygyndysynyň agzasy Ýuri Rogusskiniň ýolbaşçylygynda bary-ýogy iki ýyl bäri tennis oýnaýar.

Türkmen tennisçisi Patrik Muratogly Tennis akademiýasynda bir aý bäri türgenleşik geçýär. Okuw-türgenleşik işleri günde iki gezek geçirilýär.

Dünýäniň ilkinji raketkasy russiýaly Daniil Medwedewiň hem şol akademiýada türgenleşýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň