23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda 16-njy iýulda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, degişli komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda Kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi. Milli Geňeşiň Mejlisinde kabul edilen «Elektron hökümet hakynda», «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryna garadylar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Mejlisde beýleki möhüm meselelere hem garaldy we ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan makullanylyp, degişli Kararlar bilen berkidildi.