Gazagystan Žanaozen – Türkmenistan serhet ýolunyň durkuny täzelär

16:2222.07.2022
0
8929

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, bilelikdäki alnyp barylýan taslamalaryň ähmiýeti barada belläp geçdi. Bu barada gazak Lideri şu ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda nygtady diýip, newscentralasia.net internet saýty habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti öz çykyşynda sebitiň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr şertleri yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary Gündogar Aziýa bilen Pars aýlagy ýurtlarynyň arasynda iň gysga ýol bolan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolundan has işjeň peýdalanmaga çagyrdy. Şeýle-de Gazagystandan Türkiýä Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen ýakynda ýola goýlan ilkinji ýük otlusynyň ähmiýetini belledi.

Gazak Lideri «Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi» atly täze awtoulag ýolunyň gurluşygyny goldaýandygyny, şeýle-de 2025-nji ýyldan başlap, Žanaozen – Türkmenistan serhet ýolunyň böleginiň durkuny täzelemek boýunça işe başlamagyň meýilleşdirilýändigini belledi. Bellenilşi ýaly, bu ugurdaky işleriň utgaşdyrylmagy ulag we logistika taslamalaryň girdejisini ep-esli ýokarlandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň