Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hem-de türk işewüri Ahmet Çalyk dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Çalik Holdingiň» ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli «General Electric» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň we desgalaryň şertnamada bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň esasy şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk hem örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşjekdigine döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.