Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýanyň Premýer-ministri Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

23:0620.07.2022
0
3659
Gruziýanyň Premýer-ministri Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy
surat: gov.ge

Aşgabada amala aşyran iki günlük saparynyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwili şu gün «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi. Bu barada Premýer-ministriň resmi saýtynda habar berilýär.

Gruziýanyň Hökümet baştutany ýadygärlikler toplumynyň çägindäki Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym», Watanyň azatlygy, halkyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.

Habar berşimiz ýaly, hormatly myhmany şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi möhüm ugurlary boýunça maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň