Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

15:1220.07.2022
0
9744
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Surat: agenda.ga

Düýn sapar bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwilini şu gün Türkmenistanyň Preizdenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Bu barada Agenda.ga saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar, hususan-da, sebitdäki üstaşyr-ulag gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek bellenildi.

Premýer-ministr Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag, energetika, logistika we syýahatçylyk, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly geňeşmeleri geçirmäge mümkinçilik dörändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen resminamanyň ähmiýetini bellediler. Bellenilşi ýaly, bu resminama daşary syýasatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirer, ykdysady gatnaşyklary giňelder, halkara hukuk binýadyny pugtalandyrar.

Şeýle-de söhbetdeşler şu ýyl iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu sene mynasybetli ýörite meýilnamanyň düzülendigini we onuň ähmiýetini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň