Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda derman serişdeleriniň mahabatyna bildirilýän umumy talaplar tassyklanyldy

19:1320.07.2022
0
9922

Türkmenistanda derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň işlenip taýýarlanylmagyna, öndürilmegine, saklanylmagyna, daşalmagyna, mahabatlandyrylmagyna, ýok edilmegine bildirilýän umumy talaplar tassyklanyly.

Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkezinde neşir edildi.

Derman serişdeleriniň mahabatlandyrylmagy farmasewtik bazaryň howpsuz, oňat hilli we netijeli derman serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de olaryň oýlanyşykly ulanylmagyna ýardam etmelidir.

Ulanmak üçin niýetlenen derman serişdesiniň mahabatlandyrylmagy düşüner ýaly görnüşde beýan edilmelidir we onda şular hakynda maglumatlar bolmalydyr:

  • onuň Türkmenistanda bellige alnandygy hakynda maglumat;
  • öndürijiniň (taýýarlaýjynyň) ýa-da distribýutoryň ady we salgysy;
  • söwdada atlandyrylyşy;
  • halkara patent alynmadyk adynyň (HPAA) ulanylmagy bilen işjeň düzüm böleginiň ady;
  • ulanylmagy barada görkezmeler, esasy seresaplylyk çäreleri, garşy gelýän görkezmeleri we göwreli aýallar, çaga emdirýän eneler, çagalar, gartaşan adamlar üçin ýörite seresaplylygyň duýdurmalary.
  • ulanylyş möçberi we tertibi;
  • ýaramsyz täsirleri we esasy islenilmeýän täsirlenmesi;
  • ilata dermannamasyz goýberilýän derman serişdeleriniň ulanylmagy boýunça oýlanyşykly karara gelmäge kömek berýän maglumatlar;
  • onuň beýleki derman serişdeleri bilen özara täsiri baradaky maglumatlar.

Derman serişdeleriniň mahabatynyň görnüşine garamazdan, derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynda alnan derman serişdeler baradaky kliniki-farmakologik maglumatlara laýyk gelmelidir.

Dermannamasyz ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdesini ulanmak boýunça görkezmesiniň mazmunyna laýyk gelmelidir. Derman serişdesiniň mahabatynyň mazmuny ygtyýarly edara bilen ylalaşylmalydyr.

Derman serişdeleriniň mahabaty derman serişdesini aýratyn täsin, has howpsuz, oňat hilli we netijeli, ýaramsyz täsiriniň bolmazlygy boýunça aýratyn üýtgeşik ýaly görkezmeli däldir hem-de derman serişdesiniň gelip çykyşy, täzeçilligi babatda nädogry düşünje döretmeli däldir.

Derman serişdeleriniň mahabatynyň täsirliligini güýçlendirmek maksady bilen, mahabatda derman serişdeleriniň beýleki derman serişdeleri bilen deňeşdirilmegine ýol berilmeli däldir.

Döwlet tarapyndan bellige alynmakdan geçen we dermannamasyz ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň mahabatlandyrylmagyna ýol berilýär.

Saglygy goraýyş edaralarynda derman serişdeleri öndürijileriň (distribýutorlaryň) saglygy goraýyş wekilleri tarapyndan derman serişdeleri barada mahabat maglumatlarynyň ýaýradylmagyna diňe Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýol berilýär.

Saglygy goraýyş wekili diýlip, derman serişdeleriniň öndürijisi (distribýutory) tarapyndan ygtyýarly edilen şahsa düşünilýär. Saglygy goraýyş wekilleri hakynda düzgünnama ygtyýarly edara tarapyndan işlenip düzülýär we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Keselleriň gözegçiliksiz özbaşdak bejerilmegine ýol bermezlik maksady bilen şular gadagan edilýär:

  1. öndürijiniň (taýýarlaýjynyň) beýan edýän, goýberiliş («dermannama boýunça» we «dermannamasyz») şertlerine garamazdan, mikroba garşy serişdeleriň mahabatlandyrylmagy;
  2. dermanhanalaryň tekjelerinde, şeýle hem diwarlyklarynda we beýleki mahabat göterijilerde derman serişdeleriniň gaplarynyň nusgalarynyň, şeýle hem dermannamaly ýerlenilende (goýberilende) derman serişdeleri barada mahabat maglumatlarynyň ýerleşdirilmegi;
  3. derman serişdeleriniň mahabatynda saglygy goraýyş işgäriniň keşbiniň, şeýle hem meşhur adamlaryň, hünärmenleriň, keselinden saplanan näsaglaryň we olaryň garyndaşlarynyň pikirine salgylanmalaryň peýdalanylmagy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň