Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gruziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

12:2520.07.2022
0
7548

Türkmenistanyň daşary işler minsitri Raşid Meredow kärdeşi, Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Lia Darçiaşwili bilen duşuşyk geçirdi diýip, Agenda.ge habar berýär.

Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwiliniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Meredow we Darçiaşwili söwda-ykdysady, ulag, energetika, logistika we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ministrligiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek çäresi geçirildi. Bu maksatnama daşary syýasatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, halkara-hukuk binýadynyň ösdürilmegine ýardam eder.

Taraplar sebit ulag-üstaşyr geçelgeleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy belläp, bu ugurda täze mümkinçilikleri nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň