Ermenistandaky Sewan köli reňkini üýtgetdi

14:5719.07.2022
0
6976

Ermenistandaky dag üstünde ýerleşýän Sewan köli täsin açyk ýaşyl reňke boýaldy. Hünärmenler muny suwotularyň yssy howa we suwuň azalmagy zerarly gülläp başlamagy bilen düşündirýärler. Iýulyň başynda kölüň suwy 3 santimetr peselipdir, bu geçen ýyldakydan 5 santimetr pesdir, bu bolsa öz gezeginde kölüň ekoulgamynyň bozulmagyna getirýär. Bu ilkinji gezek hasaba alynýan ýagdaý däl, Sewan köli öň hem şeýle reňke boýalýardy diýip, «MIR24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň