Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär

09:1218.07.2022
0
6375

18-nji iýuldan başlap, Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda iki ýyl mundan ozal COVID-19 pandemiýasy zerarly togtadylan awtobus gatnawy dikeldilýär diýip Mir24 saýty habar berýär. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Daşkentden Moskwa, Kazan hem-de Sankt-Peterburg şäherlerine yzygiderli awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär.

Daşkent — Moskwa gatnawy hepdede iki gezek — duşenbe we penşenbe günleri, Daşkent — Kazan gatnawy sişenbe we anna günleri hem-de Daşkent — Sankt-Peterburg gatnawy bolsa hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy 800 müň som (takmynan 4100 rubl) töweregi bolar. Gatnawlar «Uzawtotrans serwis» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan «Yutong» awtobuslary arkaly ýerine ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň