Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary halkara ýaryşyna gatnaşdylar

23:3017.07.2022
0
9592
Türkmen dzýudoçylary halkara ýaryşyna gatnaşdylar
Surat: ijf.org

Türkmenistanly dzýudoçylaryň 14-si 15 — 17-nji iýul aralygynda Horwatiýanyň Zagren şäherinde geçirilen halkara Gran-pri ýaryşyna gatnaşdylar.

Ýurdumyza wekilçilik eden türgenleriň arasyndan iň oňat görkeziji 60 kilograma çenli agramda çykyş eden Hakberdi Jumaýewe degişli boldy. Ol öz agram derejesinde ýedinji orny eýelemegi başardy.

Halkara dzýudo federasiýasynyň saýtynyň habar bermegine görä, bu bäsleşige dünýäniň 69 döwletinden türgenler gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň