Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Altyn asyra» dolandy

22:1315.07.2022
0
8102
Wahyt Orazsähedow «Altyn asyra» dolandy
Surat: AFC CUP 2018 / Lagardere Sports / Saikat Das

Geçen möwsümi Gazagystanyň «Turan» toparynda geçiren türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow erkin agent hökmünde «Altyn asyryň» düzümine goşuldy. Bu barada «aragatnaşykçylaryň» metbugat gullugy habar berdi. Habarda taraplaryň baglaşan şertnamasy hakynda maglumat berilmändir. 30 ýaşly hüjümçiniň mundan ozal hem 2018-2019-njy ýyllarda «Altyn asyryň» lybasynda top dependigini bellemek gerek.

Maglumat üçin, Wahyt Orazsähedow şu wagta çenli ençeme daşary ýurt klublarynda, has takygy, Russiýanyň «Rubin», «Rostow, «Neftehimik», Türkiýäniň «Osmanlyspor», Azerbaýjanyň «Sabail», Moldawanyň «Daçiýa», Gyrgyzystanyň «Dordoý» hem-de Täjigistanyň «Istiklol» toparlarynyň düzüminde çykyş etdi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň «Ahal», «Altyn asyr» we «Aşgabat» toparlarynyň düzüminde oýnady.

Ýeri gelende bellesek, Wahyt Orazsähedow 2019-njy ýylda «Dordoýyň» düzüminde Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň çempiony we iň netijeli oýunçysy bolmagy başardy. 2020-nji ýylda bolsa Täjigistanyň «Istikloly» bilen ýurduň çempionlygyna, Kubogyna we Superkubogyna mynasyp boldy. Ol täjik toparynyň düzüminde jemi 10 oýun geçirip, öz adyna 6 gol ýazdyrdy.

Transfermarkt portaly Orazsähedowyň transfer gymmatyny 150 müň ýewro möçberde bahalaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň