Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine bardy

14:2315.07.2022
0
11708
Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine bardy
Surat: president.uz

Şu gün — Özbegistana amala aşyrýan döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine bardy.

Uzdaily.uz saýtynyň habar bermegine görä, ony Samarkandyň howa menzilinde Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.

Döwlet saparynyň bu gününiň dowamynda türkmen Lideri Samarkant şäheriniň täsin taryhy binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyş bolar.

Belläp geçsek, 14-nji iýulda Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji gezek döwlet sapary başlandy. Döwlet saparynyň birinji gününde hyzmatdaşlygyň köp sanly möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly 19 sany resminama gol çekildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow Daşkent şäherindäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň