Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy

23:5014.07.2022
0
11640

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň birinji gününiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda «Kuksaroý» köşgüniň çägindäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy.

Uzdaily.uz saýtynyň habar berşi ýaly, bu özboluşly nahal oturtmak çäresi köp sanly ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we pugtalandyrmak üçin berk binýady döredýän iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky şu günki gepleşikleriň netijelerini simwoliki berkitdi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan oturdylan bu agaç nahaly iki doganlyk döwletiň halklarynyň arasyndaky berk dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň nyşany bolar.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň