Daşkentde agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirilýär

18:3014.07.2022
0
6720

Özbegistanyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirilýär. Ýaryş 15-nji iýulda başlanyp, 25-nji iýulda tamamlanar. Bu barada Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň resmi saýty habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, yklymyň birinjiliginde 21 döwletden 300-den gowrak türgen medallar üçin göreş alyp barar. Bäsleşige ýaňy-ýakynda Halkara agyr atletika Federasiýasynyň ýolbaşçylygyna bellenilen Mohammad Jalud hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionaty Daşkent şäheriniň «Ýunusabad» sport toplumynda bolup geçer. Bäsleşikler günde iki gezek Aşgabat wagty bilen sagat 11:00-da hem-de 19:00-da geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň